Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň täze ilçisini kabul etdi

21:5124.05.2023
0
28288

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky göni söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi we bu gatnaşyklaryň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, öz tarapyndan, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin däp bolan dostlukly döwletara dialogyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň