TÝL ― 2023: «Arkadag» topary bassyr ýedinji duşuşygynda ýeňiş gazandy

23:5224.05.2023
0
17839

Çarşenbe güni, 24-nji maýda «Arkadag» futbol topary «Altyn asyry» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, ýaryşa 2-nji tapgyrdan girişen topar ýedi duşuşykda garşydaş derwezelere geçiren gollarynyň sanyny 26-a çykaryp, öz derwezesinde bary-ýogy 5 gol gördi.

Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň Kubok ýaryşyndaky dört duşuşykda 17 gol geçirip, derwezesine 2 pökgi goýberdendigini hem ýatladýarys.

«Arkadag» birinji aýlawyň ahyrky duşuşygyny «Ahal» bilen geçirer.

Ýedi duşuşykda 21 utuk toplan «Arkadag» ýaryş tertibiniň başyny çekýär. «Altyn asyr» bilen «Köeptdag» bolsa ondan 7 utuk yzda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň