Soňky habarlar

Arhiw

«Ulag diplomatiýasy – dost doganlyk ýollaryna badalga» atly maslahat geçirildi

19:4124.05.2023
0
16012

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli 24-nji maýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Ulag diplomatiýasy – dost doganlyk ýollaryna badalga» atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gatnaşyjylar, 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çykyşlar etdiler. Şeýle hem, bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş edendigi buýsançly bellenip geçildi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň kabul edilendigi barada hem durlup geçildi.

Elbetde, Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belentdiginiň beýanydyr.

Arkadagly Serdarymyz: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» diýip belläp geçýär.

Çünki häzirki döwürde, ýurdumyzyň awtomobil, demir, howa we deňiz ýollary milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmakda we halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýär.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler täze Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza buýsanç sözlerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň