Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti «Ilat ýazuwyny geçirmek: meseleler we mümkinçilikler» atly halkara foruma gatnaşýar

16:1023.05.2023
0
44385

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 22-23-nji maýy aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýän «Ilat ýazuwyny geçirmek: meseleler we mümkinçilikler» atly halkara foruma gatnaşýar.

Forumyň gün tertibinden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň arasynda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmekde toplanan milli tejribeleri paýlaşmak, durnukly milli ösüşiň gazanylmagyny gözegçilikde saklamak, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy ulgamlaryndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly döwlet maksatnamalaryny meýilnamalaşdyrmak ýaly meseleler orun alýar.

Forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ýurtda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy bilen bagly çykyş edip, degişli statistiki maglumatlary toplamakda gazanylan milli tejribeleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen paýlaşarlar. Şeýle-de daşary ýurtly hünärmenler bilen statistiki maglumatlary toplamak we ulanmakda babatda möhüm meseleler boýunça pikir alyşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň