Ronaldunyň «Al-Nasrdan» aýrylmagy mümkin

15:0923.05.2023
0
48635

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Roanldu Saud Arabystanynda futbol akademiýalarynyň göwnelaýyk işlemeýändigi üçin «Al-Nasr» bilen hoşlaşmakçy bolýar. «Mundo Deportiwonyň» ýazmagyna görä, portugaliýalylar Saud Arabystanyny «döwrebap ýaşaýyşdan uzakda» hasaplaýarlar. Ronaldu şonuň üçin Ýewropa dolanmak isleýär.

Eger Ronaldu şertnamany diňe birtaraplaýyn ýatyrsa, kluba jerime tölemeli bolar. Ol häzir «Al-Nasrdan» her möwsüm üçin 200 million ýewro hak alýar.

Kriştianu Ronaldu «Al-Nasra» 2022-nji ýylyň ahyrynda goşulypdy. 38 ýaşly hüjümçi toparda geçiren 17 duşuşygynda 13 gezek tapawutlanyp, 2 goluň assistini berdi.

Ýurduň çempionatynyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, 60 utukly «Al-Nasr» ýaryşyň lideri «Al-Ittihaddan» 3 utuk yzda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň