Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

21:5422.05.2023
0
21956
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş almak, ekine birinji ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň ýerine ýetirilýändigi, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýandygy, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin möwsümde işlediljek kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny, awtoulaglary taýýarlamak hem-de tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak boýunça ähli zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda ýeralma, sogan hem-de beýleki ýazlyk ekinler ekilen ýerlerde ideg işleriniň geçirilýändigi, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şeýle-de Ahal, Mary welaýatlarynyň häkimleri degişli sebitlerde pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary hem ýetirdiler. Mundan başga-da, welaýatlarda «Soňky jaň» dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Degişli hasabatda Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň guramaçylykly dowam edýändigi barada aýdyldy.

Häkimler degişli maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekilen ýerlerde we bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi, galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmelidigi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de häkimlere, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, sebitlerde «Soňky jaň» dabarasynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragyna ähli düzümleriň doly taýýarlykly gelmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ünsüni çekdi hem-de bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi we BMG-niň bu resminamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti, dünýäde durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde Türkmenistanyň orny barada belledi. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň täze Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen türkmen halkyny ýene bir ýola gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň