Arhiw

Ylymlar güni mynasybetli, halkara ylmy maslahat geçiriler

10:0022.05.2023
0
10993

Habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow düýn nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli şu ýylyň 12-13-nji iýunynda geçiriljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlaryň we professorlaryň gatnaşmagynda geçirjek halkara maslahatynyň çäklerinde häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem sanly ykdysadyýeti, ekologiýany, saglygy goraýşy we derman senagatyny, logistikany, suw diplomatiýasyny, oba hojalygyny, nebitgaz pudagyny, nanotehnologiýalary, energetikany, ynsanperwer ylymlary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde bolup geçýän ösüşleriň esasy bolan ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany halkara maslahatlaryň tejribe alyşmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýurduň ylmyny giňden tanatmaga, onuň jemgyýetde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýändigini belläp, wise-premýere ylmyň we tehnikanyň dürli ugurlarynda düýpli we amaly barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam berjek bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň