«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergä taýýarlyk görülýär

09:4622.05.2023
0
28409

Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 140-sy, edara-kärhanalar, hususy telekeçiler gatnaşmaga isleg bildirdiler. Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrmak ýurduň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guraýan bu her ýylky sergisiniň esasy maksadydyr.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli baýramçylyk konsertlerini, dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, keşbinde milli binagärlik däpleri dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýan Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrýan bu halkara serginiň we beýleki dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň