Arhiw

Arkadag şäherinde 123 belgili aragatnaşyk ulgamy ornaşdyryldy

22:5120.05.2023
0
44085
Arkadag şäherinde 123 belgili aragatnaşyk ulgamy ornaşdyryldy
Surat: maslahat.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we ol ýerde şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Arkadag şäherinde desgalara sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy döwrebap tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny belledi hem-de bu işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek babatda Aragatnaşyk müdirliginiň hünärmenlerine birnäçe maslahatlaryny berdi.

Hünärmenler öz gezeginde bu ýerde döredilen döwrebap mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze, ýagny 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy we bu ulgamyň ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýandygyny belledi.

123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüz tutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde, gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we «Tiz kömek» merkezlerine maglumat berýär hem-de bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde, döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar.

Bu bolsa adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär. Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, desgalaryň sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Bu işleriň hemmesiniň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy maglumatlaryň gyssagly ýetirilmegini we degişli kömegiň ýola goýulmagyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň