Türkmenistan «KAMAZ» APJ bilen hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Russiýa Federasiýasynyň iri awtoulag öndürijisiniň on müňlerçesi ulanylýar, diýip, «Neýtralny Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
«KAMAZ-yň» ilkinji hyzmat ediş merkezi Aşgabat şäherinde 2008-nji ýylda açyldy. Soňra şeýle merkezler 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Mary we Türkmenabat şäherlerinde açyldy. 2023-nji ýylda bolsa Daşoguz şäherinde hem «KAMAZ-yň» hyzmat ediş merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurtda bu kompaniýanyň hyzmat ediş merkezleriniň sany bäşe ýeter.
Ýeri gelende bellesek,2023-nji ýylyň başynda «KAMAZ» APJ-nyň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin kompaniýa tarapyndan öndürilen iki sany elektrobusyň hem-de tiz kuwwatlandyryjy gurluşyň Türkmenistanyň çäginde synagdan geçirilýändigini mälim edipdi.
Şol elektrobuslar Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atyl halkara forumyň çäginde görkezilişe çykaryldy.