Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen bilelikde Sian şäherindäki «Dostluk» seýilgähinde nar nahallaryny oturtdy.
Dabara «Merkezi Aziýa — Hytaý» birinji sammitiniň ahyrynda geçirildi. Döwlet Baştutanlary nar nahallaryny oturtdylar we ýadygärlik surata düşdüler. Bu barada «MIR 24» habar berýär.
Bellenilişi ýaly, nar Hytaýda agzybirligiň we uzak ömrüň nyşany hasaplanýar.