Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny goşa baýram bilen gutlady

13:4118.05.2023
0
19414

18-nji maýda Türkmenistanda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda:

— Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki, welaýatlaryň merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli baýdak meýdançalary bu gün Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar — diýip belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagynyň saýasynda bu günki gün Türkmenistan ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň, durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmeleriň berk binýady hem-de kepili bolan Konstitusiýa esasynda hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti gurlup, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Dostluk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýy ýokarlandyrylýar.

— Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy düýpli özgerdi. Esasy Kanunymyz hem-de milli kanunçylygymyz tapgyr-tapgyr kämilleşdirildi. Şanly wakalar bilen şöhratlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize eýerilip, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny has-da berkitmegiň ýolunda täze ädim boldy — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň