Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Siti» bilen «Real» Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysyny kesgitlär

17:0517.05.2023
0
32018

Şu gün Mançester şäherindäki «Siti of Mançester» stadionynda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyndaky «Mançester Siti» ― «Real» duşuşygy geçiriler. Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda alnyp görkeziljek duşuşyk gije sagat 23:55-de başlanar.

Iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 9-njy maý güni Madrid şäherinde geçirilipdi we 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Duşuşykda ýer eýeleriniň goluny Winisius Junior, myhmanlaryňkyny bolsa Kewin de Brýuýne geçirdi.

Ýaryma finala «Mançester Siti» nemesleriň «Leýpsigi» bilen «Bawariýasyny» ýeňip geldi. «Real» bolsa ýarym final ýolunda iňlisleriň «Liwerpuly» bilen «Çelsisini» ýaryşdan çykardy.

«Mançester Siti» ― «Real» duşuşygynyň ýeňijisi ýaryşyň finalynda Italiýanyň «Interiniň» garşşydaşy bolar. Final duşuşygy 10-njy iýun güni Stambul şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň