ÝÇL: «Inter» jogap oýnunda hem «Milany» ýeňip, finala çykdy

09:5917.05.2023
0
25251
ÝÇL: «Inter» jogap oýnunda hem «Milany» ýeňip, finala çykdy
Surat: skysports.com

«Inter» Ýewropa Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda hem goňşusy «Milany» ýeňlişe sezewar edip, finala ýollanma aldy. 16-njy maýda «Interiň» meýdançasynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Oýunda ýeňijini kesgitlän ýeke-täk gol 74-nji minutda Lautaro Martinez tarapyndan geçirildi. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesine görä 3:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan «Inter» finalda oýnamaga hukuk gazandy.

«Interiň» finaldaky garşydaşy 17-nji maýda oýnaljak «Mançester Siti» — «Real» jübütiniň jogap duşuşygyndan soňra (deslapky oýun 1:1) belli bolar.

ÝÇL-iň 2022/23-nji ýyldaky möwsüminiň finaly 11-nji iýunda Stambul şäherindäki «Atatürk Olimpiýa» stadionynda bolup geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň