«Iş Nokady» Beýik Britaniýada tomusky okuw dynç alyş merkezine gatnaşmaga çagyrýar

17:4316.05.2023
0
32870

«Iş Nokady» kompaniýasy «MiniBoss» we «BigBoss» halkara işewürlik mekdepleriniň wekili hökmünde çagalary we olaryň ene-atalaryny Beýik Britaniýada ýaş telekeçiler üçin tomusky işewürlik dynç alyş merkezine gatnaşmaga çagyrýar.

Tomusky dynç alyş merkeziniň maksatnamasy örän baý bolar hem-de diňe bir amaly we nazary sapaklary däl, eýsem, dil gurşawyna doly aralaşmagy, şeýle hem gyzykly ýerlere we wajyp nokatlara syýahaty öz içine alar.

Dynç alyş 2023-nji ýylyň 9 – 16-njy iýuly aralygynda bir hepde dowam eder. Çäreleriň maksatnamasy şulary öz içine alar:

  • gündelik iňlis dilinde tejribe (praktikum);
  • «MiniBoss» we «BigBoss» programmalaryndan gönükmeler we işewürlik oýunlary;
  • sport oýunlary (futbol, tennis, kriket);
  • Londona we Oksforda gezelenç, şeýle hem Garri Potter muzeýine syýahat;
  • çeper we döredijilikli ussatlyk sapaklary;
  • howuzda ýüzmek;
  • ene-atalar üçin tälim bermek maksatnamasy;
  • maşgala toparyny gurmak (timbilding);
  • emosional intellektiň ösmegi üçin gönükmeler.

Bulardan başga-da, «MiniBoss» we «BigBoss» dynç alyş merkezine gatnaşyjylar dünýäniň dürli künjeklerinden – Beýik Britaniýadan, ABŞ-den, Awstraliýadan, Ýewropa we GDA ýurtlaryndan dost tapynmaga mümkinçilik alarlar.

Dynç alyş merkezine kabul edişlik iki ýaş topary boýunça geçirilýär:

  • «MiniBoss – 6-9 ýaş, 10-12 ýaş, 13-17 ýaş;
  • «BigBoss – 18-20 ýaş.

«MiniBoss & BigBoss» tomusky dynç alyş merkezine ýazylmak ýa-da has giňişleýin maglumat almak üçin şu salgydaky maglumatnamany doldurmak ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisine jaň etmek maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň