Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: Didar Durdyýew iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär

11:0416.05.2023
0
14756

«Arkadag» futbol toparynyň merkezi hüjümçisi Didar Durdyýew Türkmenistanyň çempionatynyň iň netijeli futbolçylarynyň başyny çekýär.

Ol toparynyň şenbe güni «Nebitçi» bilen geçiren duşuşygynda (5:0) iki gezek tapawutlandy.

Şeýlelikde, Didar Durdyýewiň çempionatyň şu möwsüminde geçiren gollarynyň sany 7-ä çykdy. «Altyn asyrdan» Myrat Annaýew bilen Wahyt Orazsähedow ondan 2 gol yzda.

Milli çempionatda 7-nji tapgyryň duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler. Olarda «Şagadam» «Merwi», «Aşgabat» «Altyn asyry», «Nebitçi» «Ahaly», «Energetik» bolsa «Arkadagy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň