Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

14:3615.05.2023
0
44486
Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Surat: president.tj

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Täjigistanyň döwlet Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar sebitdäki ýokary derejeli çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, hususan-da, şu ýyl Täjigistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mejlislerine üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, 10-11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda döwlet saparynda boldy. Saparyň dowamynda türkmen-täjik strategik gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly gepleşikler geçirildi we degişli resminamalara gol çekildi. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Duşenbede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň