Türkmenistan dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar yglan edildi

09:1813.05.2023
0
12059

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde döwlete dahylsyz edaralar üçin dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yglan edýär. Dalaşgärler okuwlara söhbetdeşlik arkaly saýlanyp alynýar.

Söhbetdeşlige gatnaşmak isleýänler zerur resminamalary 2023-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de nemes telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen taslamany taýýarlan dalaşgärlere okuwy onlaýn tertipde geçmek we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iki hepdelik tejribelik geçmek mümkinçiligi berilýär.

Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dillerini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • Ýokary bilimli bolmaly.
  • Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat ş. we welaýatlar).
  • Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumaty we zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-43-55, (+99312) 39-45-72.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň