Türkmen wekiliýeti Katarda iş saparynda boldy

18:3709.05.2023
0
23020

6 — 10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekillerinden ybarat bolan topar gulluk iş sapary bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde iş sapary bilen boldular.

Iş sapary Türkmenistanyň seýisçilik, atçylyk, Weterinar arassaçylygy we barlagy, Weterinar lukmançylygy (atçylykda), Milli at üstündäki oýunlar, atly sport we syýahatçylyk taýýarlygyň ugurlarydyr hünärleri boýunça bilim maksatnamalaryny, standartlaryny, okuw meýilnamalarydyr maksatnmalaryny dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen guraldy.

Duşuşyklara türkmen tarapyndan oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Iş saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Katar Döwletiniň Katar Atçylyk federasiýasynyň prezidenti Bader Mohammed Al Darwiş, «Gelejekdäki atşynaslar» atçylyk okuw merkeziniň direktory Abdulla Mohammed Al Marri bilen duşuşyk geçirilip, tejribe alyşmak boýunça mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Katar Döwletiniň Bilim we ýokary bilim ministrliginde degişli wekiller bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde öňümizdäki günlerde Katardan ýörite wekiliýetiň iş sapary bilen Türkmenistana geljekdigi bellenilip, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada maslahat edildi.

Saparyň soňky gününde ýurduň «Al Şakab» Atçylyk merkeziniň işerini ynanylan wekili Fahd Al Hajiri bilen duşuşyk geçirilip, atçylyk ulgamynda okuw usulyýetine, seýisçilige we okatmagyň usulyýetine degişli halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmek barada maslahat edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň