Top.Mail.Ru

«L'Oreal» dünýäniň iň gymmat kosmetiki brendleriniň sanawyny çekýär

11:5106.05.2023
0
45898
«L'Oreal» dünýäniň iň gymmat kosmetiki brendleriniň sanawyny çekýär
Surat: oglobo.globo.com

Fransiýanyň «L'Oreal» kompaniýasy eýýäm dört ýyl bäri dünýäniň iň gymmat bahaly kosmetiki önümçilikçileriniň sanawynyň başyny çekýär, muňa «Brand Finance» bahalandyryş kompaniýasynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Bu brendiň bahasy geçen ýylda 7,2 göterim, ýagny 12,03 milliard dollara çenli gymmatlady.

Ikinji orunda 10 göterim pese gaçandygyna garamazdan, Amerikanyň «Estee Lauder» brendi ýerleşdi.

Surat:oglobo.globo.com

Sanawda üçünji orny Germaniýanyň «Beiersdorf» kompaniýasyna degişli bolan «Nivea» brendi eýeledi, ol «Gilette» (Amerikanyň «Procter & Gamble Co.» kompaniýasyna degişli) kosmetiki serişdeleri öndürijini dördünji orna süýşürdi. Şunda bu brendleriň ikisiniň hem nyrhlary pese gaçdy, degişlilikde, 2,8 göterim (6,62 mlrd dollar) we 4,8 göterim (6,58 mlrd dollar).

Ilkinji onluga şeýle hem «Dove» (6,47 mlrd dollar), «Guerlain» (6,31 mlrd), «Lancome» (5,2 mlrd), «Clinique» (4,83 mlrd), «Pantene» (4,64 mlrd) we «Garnier» (4,1 mlrd) girdi.

Iň çalt ösýän brend Hytaýyň «Chando» kompaniýasy boldy, onuň bahasy bir ýylda 36 göterim ( $1,3 mlrd dollara çenli) gymmatlady. Ol sanawda 32-nji ýerde ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň