Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň uçurymlary tomaşaçylara her ýylky hasabat konsertini hödürledi. Konsertde nusgawy eserlerden başlap, häzirki zaman kompozisiýalaryna çenli dürli görnüşdäki eserleriň toplumy ýaňlandy.
Geçirilen konsert bu okuw mekdebinde ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemegiň we talyplaryň gazanan üstünlikleriniň görkezijisi boldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde berilýän habara görä, sahnada ýerine ýetirijilerden ýokary derejeli hünär ussatlygyny talap edýän dürli eserleriň çylşyrymly usullary ýerine ýetirildi.
Konsert bagşylar ansamblynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren «Arkadagly Serdarymyz» atly eseri bilen açyldy. XX asyryň tanymal argentinaly kompozitory Astor Piazzollanyň «Libertango» eseriniň täze tango stilindäki ýerine ýetirilişi talyplaryň ýokary hünär ussatlygynyň subutnamasydyr. Tanymal rus kompozitory we pianisti Aleksandr Skrýabiniň meşhur «Etýud» opus 8 № 12 dis-moll» eserini okuw mekdebiniň dördünji ýyl talyby Timur Galimow ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Öwez Baýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Owaz» okuw mekdebiniň orkestri hem-de zehinli kompozitor, dirižýor, pianist Röwşen Nepesow tarapyndan ýerine ýetirilen «Bahar tansy» eseri täsirli boldy.
Konsert Baýramdurdy Hudaýnazarowyň we Döwletgeldi Annamyradowyň mugallymy Marina Petrowanyň ýolbaşçylygynda «Köneürgenç» horunyň ýerine ýetiren «Buýsanjym Türkmenistan» aýdymy bilen tamamlandy.