Türkmenistanyň wekiliýeti CAFA-nyň 8-nji maslahatyna gatnaşdy

08:0003.05.2023
0
10990

Duşenbe güni Täjigistanyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 8-nji maslahaty geçirildi.

Bu maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Has takygy, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş kätibi Annabaýram Durdymämmedow bilen ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow CAFA-nyň nobatdaky maslahatyna wekilçilik etdiler.

Maslahatda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine seredildi. Şolaryň hatarynda öňümizdäki dört ýyl ― 2023 ― 2027-nji ýyllar aralygynda assosiasiýanyň ýolbaşçy düzümini saýlamak wezipesi hem bar. Şunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarowyň CAFA-nyň wise-prezidenti wezipesine saýlanandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Şeýle hem maslahatyň barşynda Rustam Emomali (Täjigistan) öňümizdäki dört ýyl üçin assosiasiýanyň prezidenti, owganystanly Mohammad Ýusuf Kargar assosiasiýanyň wise-prezidenti wezipelerine, gyrgyzystanly Dastanbek Konokbaýew CAFA-nyň AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki agzalygyna, eýranly Hedaýat Mombeni CAFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalygyna saýlanyldy.

Maslahatyň işine Halkara futbol federasiýalarynyň assosiasiýasynyň (FIFA) prezidenti Žanni Infantino bilen Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Halifa hem gatnaşdy.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň 2014-nji ýylyň iýun aýynda döredilendigini ýatladýarys. Ol AFK-nyň bäş sany sebitleýin guramasynyň biridir. CAFA alty döwletiň ― Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli futbol federasiýalarydyr assosiasiýalaryny öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň