Russiýanyň Küşt federasiýasy Ýewropanyň küşt birleşmesinden çykyp, Aziýanyň küşt federasiýasyna goşuldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Andreý Filatow habar berdi. Bu wakany «täze taryhy sahypa» diýip atlandyran prezident Aziýanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Sultan bin Halifa Al Nahaýýana minnetdarlyk bildirdi.
«Orientiň» ýazmagyna görä, özara düşünişmek hakynda gol çekilen ähtnamanyň çäklerinde Russiýanyň Küşt federasiýasy her ýylda azyndan bir yklymlaýyn çäre geçirmäge, ussatlyk we çagalar küştüni ösdürmek üçin AKF-nyň milli agza-federasiýalary bilen ýakyn aragatnaşykda işlemäge borçlandy.
Russiýa eýýäm şu ýylyň dekabrynda Moskwada küşt boýunça Aziýanyň ýaşlar çempionatyny geçirmeklige gyzyklanma bildirdi.
«Russiýanyň Küşt federasiýasy küşt boýunça ýokary derejedäki çäreleri gurnamakda biziň giň tejribämizi paýlaşmaga şat we biziň AKF bilen hyzmatdaşlygymyzyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar, ol bolsa biziň umyt edişimiz ýaly, uzak möhletleýin we ikitaraplaýyn bähbitli bolar» diýip, Andreý Filatow belledi.