Aşgabatda Türkiýäniň ilçihanasynyň täze gerbi tanyşdyryldy

15:2002.05.2023
0
34404

Şu gün Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda ilçihananyň täze gerbi tanyşdyryldy.

Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyny, Türkiýäniň diplomatik gullugynyň 500 ýyllygyny we ýurduň Daşary işler ministrliginiň açylmagynyň 103 ýyllygyny bellemegiň çäginde geçirildi.

— Gerb 16 ýyldyz bilen bezelip, taryhda bar bolan 16 sany garaşsyz türk döwletini alamatlandyrýar. Aslynda, biziň gerbimiz dünýäniň beýleki türk ilçihanalarynyňky bilen meňzeş hem, ýöne ol bu ýerde başga mana eýe bolýarmyka diýýärin, sebäbi bu ýyldyzlaryň köpüsi Türkmenistan bilen umumy taryhymyzyň müňlerçe ýyllygyny alamatlandyrýar — diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral öz çykyşynda belleýär.

Ilçi şeýle hem türk diplomatik gullugynyň daşary ýurtlarda 260 wekilhanasynyň we iň çalt konsullyk gullugynyň hereket edýändigini, jyns deňhukuklylygy nukdaýnazaryndan, Türkiýäniň diplomatik gullugynda 79 aýal ilçiniň bardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň