Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda topragy ýumşadyjy iş guraly ýasalýar

09:5902.05.2023
0
22422

Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda şu ýylyň ilkinji günlerinden bejergi geçirýän traktorlaryň tirkegine dakylýan, topragy ýumşadyjy iş guraly ýasalyp başlandy. Meýdan işleri üçin has ýaramly bu önümleriň sany barha artýar. Häzirki wagtda bu ýerde şeýle önümleriň 46 görnüşi öndürilýär. Şu günler örän oňaýly bu iş gurallary kadaly gögeren, günsaýyn boý alýan gowaçalaryň, beýleki ekinleriň ideg, bejergi işlerinde ulanylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Kärhanada önümçilik bölümleriniň 2-si hereket edýär. Mehaniki bölümde oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary, ekerançylyk işlerinde giňden ulanylýan oba hojalyk gurallary öndürilip, etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar. Tehniki bölümde metallary gaz bilen kesmek we kebşirlemek üçin ulanylýan, tehnikalary abatlaýyş işlerinde zerur tehniki kislorod öndürilýär. Zawodyň önümçilik ulgamlarynda gowaçalaryň ujuny çyrpyjylar, tirkegleriň dyrnagy, boronanyň diş-nurbatlary, çizel ýumşadyjylar, dürli ululykdaky turbalar, traktorlar, kombaýnlar üçin iş gurallary we beýlekiler taýýarlanylýar. Welaýatyň etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda ýasalan bu önümler iş üstüne ugradylýar. Zawodyň hünärmenlerinden döredilen ýörite topar ekerançylyk meýdanlarynda bolup, iş gurallarynyň, oba hojalyk enjamlarynyň ulanylyşyna gözegçilik edýär.

Şu ýylyň ýazky ekiş möwsüminde Daşoguz welaýaty boýunça ekijileriň 454-si, dürli kysymly traktorlaryň 2200-si, oba hojalyk iş gurallarynyň 19 müňden gowragy sazlaşykly işledildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň