Soňky habarlar

Arhiw

«Çagyryş» Russiýada we GDA-da kinoprokatyň başyny çekýär

11:2001.05.2023
0
21163
«Çagyryş» Russiýada we GDA-da kinoprokatyň başyny çekýär
Surat: rbc.ru/Roscosmos/Global Look Press

Russiýaly kinorežissýor Klim Şipenkonyň «Çagyryş» atly täze filmi Russiýada we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynda kinoprokatyň başyny çekdi, ol geçen hepdede 300 million rubldan gowrak kassa ýygymyny toplady diýip, «MIR 24» habar berýär.

Filmde Halkara kosmos bekedindäki kosmonawtlaryň biriniň janyny halas etmek üçin açyk äleme uçýan hirurg Ýewgeniýa atly lukman gyz barada gürrüň berilýär. Kino surata alynýarka, aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko kosmosda 12 gije-gündiz boldular.

Prokatda ikinji orunda «Ýaga we jady kitaby» atly täze rus multfilmi ýerleşdi, ol 57 million rubl kassa ýygymyny toplady. Ilkinji üçlügi «Jon Uik – 4» atly amerikan filmi jemledi, film geçen dynç günleri 25 million rubldan gowrak kassa ýygymyny getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň