Soňky habarlar

Arhiw

Ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklandy

22:2128.04.2023
0
48300

«Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň