Ertir futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýny – UEFA-nyň Super kubok duşuşygy bolar. Ilkinji gezek Gruziýada boljak duşuşykda iki ispan kluby – Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Barselona” bilen Ýewropa ligasynyň çempiony “Sewilýa” özara güýç synanyşar.
Gruziýanyň paýtagty Tbilisidäki Boris Paýçadzäniň adyny göterýän “Dinamo Arenada” boljak duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlar. Oýna şotlandiýaly 36 ýaşyndaky William Kollum eminlik eder.
Duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy göni ýaýlymda berjegi barada maglumat ýok emma habar bolsa biziň LINE-daky resmi toparymyzda hökman habar bereris. Toparmyza goşulyň we bizi yzarlaň!
GYZYKLY STATISTIKALAR
* UEFA Super kubogynyň taryhynda 3-nji gezek ispan klublary duşuşar. Şolaryň üçüsinde-de “Sewilýa” bolup, ol 2006-njy ýylda “Barselonany” utupdy. Geçen ýylda-da “Real Madridden” ýeňlipdi.
* Mundan öň 1 döwletiň wekilleri hökmünde diňe italýan klublary duşuşypdy. 1990-njy ýylda “Milan” “Sampdoriany” (1-1, 2-0) utupdy. 1993-nji ýylda-da “Milan” “Parmadan” ýeňlipdi (1-0, 0-2).
* “Barselona” 9-njy gezek UEFA Super kubogy duşuşygynda oýnasa (häzirlikçe iň ýokary netije), “Sewilýada” bu görkeziji 3-e deňdir.
* “Barselona” bu kubogy şu wagta çenli 4 gezek aldy. 5-nji sapar alyp, “Milanyň” rekordyna şärik bolmak isleýär.
* UEFA Super kubogyny iň köp ispan klublary aldy – 12 gezek. Kubok bu sapar hem ispan toparlarynda galar. Ispanlar soňky 10 ýylda 7-nji gezek UEFA Super kubogyny alarlar.
* “Barselona” bilen “Sewilýa” şu oýna çenli resmi ýagdaýda 152 sapar duşuşdylar. “Barselona” 80, “Sewilýa” 38 ýeňiş gazandy. 34 duşuşykda deňlikde gutardy.
* 2006-njy ýyldaky “Barselona” – “Sewilýa” UEFA Super kubok oýnunda duşuşygyň gahrymany bolan Dani Alwes şu sapar hem meýdança çyksa, onda ol Paolo Maldini bilen deňleşer (5-nji oýun). “Barselona” ýeňse, Dani Alwesiň 4-nji UEFA Super kubogy bolar we bu babatda-da Paolo Maldininiň rekordyny gaýtalar.
* “Barselonanyň” tälimçisi Luiz Enrike 1997-nji ýyldaky Super kubok oýnunda “Kamp Noudaky” 1-nji duşuşykda “Barselonanyň” 1-nji goluny geçiripdi.
* Eger-de “Barselona” ýeňiş gazansa, onda Luiz Enrike hem tälimçi, hem-de oýunçy hökmünde UEFA Super kubogyny alan 4-nji şahsyýet bolar. Ondan öň Karlo Ançelotti, Ýosep Guardiola we Diego Simeona oýunçyka-da, tälimçilikde-de kubogy eýeläpdi.
* “Barselonada” Neýmar şikesi (gulagynda çiş bar) bolany üçin, şol sanda täze transferler Arda Turan bilen Aleiks Widal hem FIFA-nyň gadagan etmegi sebäpli oýnap bilmez.
* “Sewilýada” hem Çiro Immobile we Nikolas Pareha şikesi bolany üçin meýdança çykmaz.
* “Sewilýanyň” tälimçisi Unaý Emeri häzire çenli “Barselonanyň” garşysyna 19 duşuşyk geçirdi (“Almeria”, “Walensiýa”, “Spartak Moskwa”, “Sewilýa”). Şolaryň hiç birinde-de ýeňmek oňa başartmady (6 deňlik, 13 ýeňliş).
* “Barselonanyň” super ýyldyzy Lionel Messi şol 19 oýunda klubunyň adyndan Emeriniň komandalarynyň derwezesinden 22 gol geçirdi.
*** UEFA Super kubogyny 21 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, 12 sapar Kubokçylaryň kubogy ýaryşynyň çempiony (1999-njy ýyla çenli), 7 gezegem UEFA Ýewropa ligasynyň eýesi aldy.
“Barselonanyň” mundan öňki UEFA Super kubok duşuşyklary (4 ýeňiş, 4 ýeňliş)
1979. “Nottingem Forest” – “Barselona”: 1-0, 1-1
1982. “Aston Willa” – “Barselona”: 0-1, 3-0
1989. “Milan” – “Barselona”: 1-1, 1-0
1992. “Barselona” – “Werder”: 1-1, 2-1
1997. “Borussia Dortmund” – “Barselona”: 0-2, 1-1
2006. “Barselona” – “Sewilýa”: 0-3 (Monakoda)
2009. “Barselona” – “Şahtýor Donesk”: 1-0 (Monakoda)
2011. “Barselona” – “Porto”: 2-0 (Monakoda)
“Sewilýanyň” Super kubok duşuşyklary (1 ýeňiş, 2 ýeňliş)
2006. “Barselona” – “Sewilýa”: 0-3 (Monakoda)
2007. “Milan” – “Sewilýa”: 3-1 (Monakoda)
2014. “Real Madrid” – “Sewilýa”: 2-0 (Kardiffde)
Görkezjek teleýaýlymlar: TRT 1, Idman tv…ntv (russiya).
--------------------------------------------------------------------
Sport barada ähli täzelikleri Line-daky resmi toparymyzda yzarlaň.