Soňky habarlar

Arhiw

Tbilisili mekdep okuwçysy Astrid Lindgren adyndaky baýraga hödürlendi

12:3228.04.2023
0
37071
Tbilisili mekdep okuwçysy Astrid Lindgren adyndaky baýraga hödürlendi
Surat: primetime.ge

Ýazyjy Astrid Lindgreniň adyny göterýän kitap baýragyna (ALMA) ilkinji gezek çaga dalaşgärlige hödürlendi, ol Tbilisiniň on üç ýaşly ýaşaýjysy Nikoloz Loladze diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýetginjek Gruziýanyň paýtagtyndaky orta mekdepde, ýedinji synpda okaýar, çagalar üçin eserleri ýazýar we olary özi bezeýär. Loladze häzire çenli birnäçe hekaýa, powest we filmleriň ssenarilerini ýazdy.

Lindgren adyndaky baýraga okuwçynyň «Abkula we otly monjuk» atly fantastiki eseri hödürlendi. Onda agyr pursatlarda çagalar bilen gepleşmek islemeýän ulular barada gürrüň berilýär.

ALMA baýragy 2003-nji ýyldan bäri gowşurylýar, ol çagalar we ýetginjekler üçin edebiýat ugry boýunça iň iri halkara baýraklaryň biridir. Baýragyň pul sylagy bäş million şwed kronydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň