Milan şäheriniň «Inter» kluby Italiýanyň Kubogynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda Turiniň «Ýuwentusyny» ýeňip, ýaryşyň finalyna ýollanma aldy. Duşuşyk 1:0 hasabynda «neradzurrileriň» peýdasyna tamamlandy.
Oýundaky ýeke-täk gol Federiko Dimarko tarapyndan 15-nji minutda geçirildi. Turinde geçirilen birinji oýun bolsa 1:1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.
Şeýlelikde, «Inter» ýaryşyň finalynda «Fiorentina» — «Kremoneze» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Italiýanyň Kubogynyň aýgytlaýjy oýny 24-nji maýda Rimdäki Olimpiýa stadionynda bolup geçer.
Ýeri gelende bellesek, Italiýanyň Kubogynyň şu wagtky eýesi «Inter» hasaplanýar. Bu topar umumylykda 8 gezek bu titula mynasyp boldy.