«Rysgal mebel» dükanlar zynjyry hususy ykjam programmasyny işe girizdi

09:5426.04.2023
0
25215

«Rysgal mebel» dükanlar zynjyry hususy ykjam programmasyny işe girizdi.

Onuň kömegi bilen öýden çykmazdan ýa-da iş ýerinde dükanlar zynjyrynyň hödürleýän görnüşleri bilen tanyşmak, öýüňiz üçin mebel saýlamak hem sargydy resmileşdirmek mümkindir. Şeýle hem ykjam programma dükanlara täze harytlaryň gelip gowşandygy we «Rysgal mebel» tarapyndan geçirilýän ähli aksiýalar, arzanladyşlar barada hemişe habarly bolmaga mümkinçilik berýär.

Ykjam programmanyň katalogynda 13 sany meşhur mebel öndürijileriniň görnüşleri hödürlenenýär.

«Rysgal mebel» ykjam programmasy «Google Play-de» ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Ýatlatsak, «Rysgal mebel» dükanlarynda Türkiýäniň we Ýewropanyň barokkodan başlap döwrebap stile çenli islendik görnüşdäki ýokary hilli mebelleriniň baý görnüşleri hödürlenýär. 25-nji maýa çenli mebel önümleriniň ähli görnüşlerine 35% arzanladyş hereket edýär.

«Rysgal mebeliň» Aşgabatdaky salgylary we telefon belgileri:

  • G.Kuliýew (öňki Obýezdnaýa) köç., dükan № 94. Telefon: (+993 12) 75 40 12;
  • A.Döwletow (Lomonosow-Bedew) köç., dükan № 41-A. Telefon: (+993 12) 76 19 52.

Welaýatlardaky şahamçalarynyň telefon belgileri:

  • Balkanabat: (+993 61) 13 06 06;
  • Türkmenbaşy: (+993 63) 13 40 40;
  • Mary: (+993 61) 63 05 05;
  • Türkmenabat: (+993 61) 13 05 05.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň