Türkmenistanyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Gatnawlar indi ozalky ýaly adaty tertibinde amala aşyrylýar.
Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça-da otly gatnawlary her gün ýerine ýetirilýär. Mundan ozal, gatnawlar günaşadan amala aşyrylýardy.
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň berýän habaryna görä, 16-njy aprelden Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat ugruna hem ýolagçy otly gatnawlary gündelik ýola goýuldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy aprelden Türkmenabat — Gazojak — Türkmanabat ugry boýunça-da gatnawlar her gün ýerine ýetiriler.
Gatnaw tertibi bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web-saýty arkaly giňişleýin tanşyp bilersiňiz!