Çempionlar ligasyndaky «Çelsi» ― «Real» duşuşygy haçan başlanýar?

12:3718.04.2023
0
19831

Ispaniýanyň «Realy» bilen Angliýanyň «Çelsisiniň» arasyndaky Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygy sişenbe güni London şäherindäki «Stemford Brij» stadionynda geçiriler.

Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanjak duşuşygy Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp görkezer.

Iki toparyň arasynda Madrid şäherinde 12-nji aprelde geçirilen duşuşyk «Realyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Gollary Karim Benzema bilen Marko Asesnsio geçirdi.

Ýaryşyň 1/8 finalynda «Realyň» «Liwerpuly» (5:2, 1:0), «Çelsiniň» bolsa Dortmundyň «Borussiýasyny» (0:1, 2:0) ýeňip, çärýek finala çykandygyny ýatladýarys..

Duşuşygy italiýaly eminler alyp barar. Baş emin Daniel Orsato Alessandro Jalltini bilen Çiro Karbone ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Maurisio Mariani bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň