Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda demir ýol ulgamyny elektrikleşdirmek boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylar

17:4017.04.2023
0
50782

Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow içerki demir ýollaryň durkuny täzelemegiň we maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirilen demir ýol ulgamyny gurmakda halkara tejribäni öwrenmegiň zerurlygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe şeýle taslamalary Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, bu taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagy içerki, üstaşyr we halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyryp, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döreder.

Şeýle hem döwlet Baştutany ýolagçy gatnawlarynda howpsuzlyk çärelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy diýip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň