Soňky habarlar

Arhiw

Dynç günleri Aşgabatdaky teatrlarda haýsy sahna eserleri görkeziler?

17:0014.04.2023
0
51239

2023-nji ýylyň 15-16-njy aprelinde Aşgabat şäherindäki teatrlarda paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin sahna eserleriniň birnäçesi görkeziler. Teatrlaryň administrasiýalarynyň «Turkmenportal» web-saýtymyza beren maglumatlaryna görä, şu hepdäniň şenbe hem-de ýekşenbe günleri şu aşakda görkezilen sahna eserleri tomaşaçylara ýetiriler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda:

  • 15-nji aprel: «Şadyýan wäşiler» 19:00;
  • 16-njy aprel: «Şadyýan wäşiler» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda:

  • 15-nji aprel: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;
  • 16-njy aprel: «Super gaýyn ene» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda

  • 15-nji aprel: «Söýgi duralgasy» 19:00;
  • 16-njy aprel: «Seň yşkyňda perwana» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda

  • 15-nji aprel: «Dawa nämeden başlady?» 19:00;
  • 16-njy aprel: «Gülki agşamy» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda

  • 15-nji aprel: «Колобок» 12:00;
  • 15-nji aprel: «Коварство и любовь» 19:00;
  • 16-njy aprel: «Приключения буратино» 11:00;
  • 16-njy aprel: «Приключения буратино» 13:00;
  • 16-njy aprel: «Струны души», 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda

  • 15-nji aprel: «Maşa we aýy»17:00;
  • 15-nji aprel: «Çagaly öý bazar» 19:00;
  • 16-njy aprel: «Janly gurjaklar» 12:00,
  • 16-njy aprel: «Janly gurjaklar» 17:00;
  • 16-njy aprel: «Arşin mal alan» 19:00.

Bellik: Sahna eserlerine tomaşa etmek üçin petekleri teatrlaryň kassalary bilen habarlaşyp alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň