Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi

09:3714.04.2023
0
25967
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi
Surat: un.mission.gov.tm

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi. Bu barada wekilhananyň resmi saýtynda habar berildi.

«Bu okyjylara yzygiderli Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada ispan dilinde maglumatlary almaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we BMG-niň çäklerinde ýurduň başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistan bilen Latyn Amerikanyň we Karib sebiti ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen tanyşmaga ýardam eder» diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Braziliýadaky, Wenesueladaky we Kubadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup durýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň