Soňky habarlar

Arhiw

HBO «Garri Potter» köp bölümli filmini surata düşürip başlar

10:0613.04.2023
0
34491
HBO «Garri Potter» köp bölümli filmini surata düşürip başlar
Surat: "Garri Potter" filminden çarçuwa.

HBO teleýaýlymy «Garri Potter» kitaplaryna esaslanýan köp bölümli filmi surata düşürer. Bu barada maglumatlar studiýanyň «Twitter» hasabynda peýda boldy diýip, «Izwestia» gazeti ýazýar.

HBO-nyň baş direktory Keýsi Bloýsyň pikiriçe, serial Potteriň ýedi kitabynyň hersine laýyklykda surata düşüriler we her bir kitap üçin tutuş möwsüm surata alnar.

Şeýle hem «Garri Potter» kitaplar toplumynyň ýazyjysy J.K.Rowling serialyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň