Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

10:3112.04.2023
0
39016

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

— Älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek häzirki zaman ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin adamzadyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Köpýyllyk zähmetiňiz bilen Siz bu asylly işe mynasyp goşant goşýarsyňyz — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň