Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda awiapetekleri indi Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly arkaly onlaýn satyn alyp bolýar

23:5909.04.2023
0
56332

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyna «Türkmenhowaýollarynyň» içerki gatnawlary üçin petek almak mümkinçiligi goşuldy. Bu barada portalyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň web sahypasynda we EGOVTM ykjam programmasyndan kassada nobata durmazdan awiapetekleri onlaýn ýagdaýda satyn alyp bilersiňiz. IOS we Android programmalarynda hem petekler elýeterlidir.

Hyzmat «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen bilelikde ýola goýuldy. «Türkmenhowaýollarynyň» içerki gatnawlary Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerini öz içine alýar.

Hyzmatlar üçin tölegleri we hasaby doldurmak häzirki wagtda «Altyn asyr» we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Milli Visa» karty arkaly onlaýn ýerine ýetirilip biliner.

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly internet ulanyjylaryna ýurduň döwlet bölümleriniň işine bagyşlanan saýtlaryň elýeterli katalogyny hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň