Soňky habarlar

Arhiw

UFC 287: Adesanýa guşagyny yzyna aldy

19:1109.04.2023
0
28040
UFC 287: Adesanýa guşagyny yzyna aldy
Surat: MMA Junkie

Aşgabat wagty bilen 9-njy aprelde irden ABŞ-nyň Maýami şäherinde UFC 287 ýaryşy geçirildi.

Söweş agşamynyň esasy tutluşygy orta agramdaky çempion Aleks Pereýra bilen agramyň ozalky çempiony Israel Adesanýanyň arasynda bolup geçdi. Tutluşyk ikinji raundda Adesanýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Israel Adesanýa yzly-yzyna güýçli urgular geçirmek arkaly Pereýrany nokauta sezewar etdi.

Şeýlelikde, Adesanýa çempionlyk guşagyny yzyna almagy başardy. Mundan ozal 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Pereýra bäşinji raundda Adesanýany nokaut edip, ondan çempionlygy alypdy.

Söweş agşamynyň esasy tutluşyklarynyň ýene biri ýarymorta agram derejesinde Gilbert Býorns bilen Horhe Maswidalyň arasynda geçirildi. Tutluşykda Býorns utuklaryň sany boýunça ýeňiş gazandy. Söweşden soňra Maswidal 20 ýyllyk karýerasyny tamamlap, MMA-dan gidýändigini mälim etdi.

UFC 287 ýaryşynyň esasy kardynyň ähli tutluşyklarynyň ýeňijileri:

Israel Adesanýa (ikinji raundda Aleks Pereýrany nokauta sezewar etdi);

Gilbert Býorns (utuklaryň sany boýunça Horhe Maswidaly ýeňdi);

Rob Font (birinji raundda Adrian Ýanezi nokauta sezewar etdi);

Kewin Holland (üçünji raundda Santiago Ponsinibbiony nokauta sezewar etdi);

Kristian Rodriges (utuklaryň sany boýunça Raul Rosasy ýeňdi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň