Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi kämilleşdiriler

15:3607.04.2023
0
25021

Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Täze kanunçylyk namasy Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we zähmet şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen kabul ediler.

Şeýle hem döwlet Baştutany «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň