Soňky habarlar

Arhiw

Frenk Lempard «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi

17:4506.04.2023
0
25655

Frenk Lempard Angliýanyň «Çelsi» toparynyň tälimçisi wezipesine wagtlaýyn bellendi. Ol möwsümiň ahyryna çenli topara tälim berer.

Mälim bolşy ýaly, golaýda iňlis topary tälimçisi Grem Potteri wezipesinden boşadypdy. 44 ýaşyndaky Lempard ozal hem bu topara tälim berdi. Şu toparda futbol oýnap, uly şöhrata eýe bolan Frenk Lempard 2019-2021-nji ýyllda bu topara tälim beripdi.

Lempard iňlis toparlaryndan «Ewertonyň» hem tälimçisi boldy. Bu toparda 1 ýyl işledi. 2018-19-njy ýyllaryň möwsüminde «Derbi Kaunti» toparynyň tälimçisi bolupdy.

Lempard 2001 ― 2014-nji ýyllarda «Çelsi» toparynyň düzüminde futbolçy hökmünde çykyş edip, köp sanly kuboklaryň eýesi boldy. Şeýle hem Lempard «West Hem», «Mançester Siti» we «Nýu-Ýork Siti» toparlarynda hem futbol oýnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň