MÜŇÝYLLYKLARYŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY

10:3428.07.2015
0
8458

Şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda (ABŞ) BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi açylar. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar. Bütindünýä forumynyň gün tertibine ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak, ekologiýa, şeýle hem BMG-niň işiniň dürli ugurlary bilen bagly meseleleriň giň topary giriziler — diýip “Nebit-gaz” gazeti belleýär .

 Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, 1945-nji ýylda döredilen Baş Assambleýa BMG-niň esasy maslahat beriji, direktiw we wekilçilikli edarasy bolup durýar. Häzir onuň düzümine Milletler Bileleşiginiň agzasy bolup durýan döwletleriň 193-üsiniň wekilleri girýär. Baş Assambleýa her ýyl möhüm halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin niýetlenen meýdança öwrülýär.

Şu ýyl BMG-niň 70 ýyllyk ýubileýi bilen bir hatarda Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilmegi guwandyryjy wakadyr. BMG-niň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýasy hem türkmen bitaraplygynyň netijeli ornuny tassyklaýar, bu resminama 2015-nji ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde kabul edildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üç gezek – 2007, 2009 we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişlilikde 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlisleriniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm şanly waka boldy. Bu düzüm sebitde Milletler Bileleşiginiň ygtybarly daýanç nokadyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda 15 ýyl mundan öň kabul edilen Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň (MÖM) hereket edýän möhleti tamamlanýar, olara laýyklykda, halkara bileleşigi tarapyndan bütin dünýäde adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli anyk ädimler ädildi. Ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilermenler topary – iri halkara guramalarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri tarapyndan taýýarlanan «Müňýyllygyň ösüş maksatlary» atly ýörite Hasabatda jemlendi.

Bu resminamada bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalar netijesinde «Garyplygy we açlygy ýok etmek», «Ählumumy başlangyç bilimi üpjün etmek», «Gender deňligini höweslendirmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek», «Çaga ölümini azaltmak», «Eneligi goramagy gowulandyrmak», «SPID-e, gyzzyrma we beýleki kesellere garşy göreşmek», «Ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek», «Ösüşiň maksatlarynda ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek» ýaly MÖM-e öz işinde dünýä, sebit, milli we ýerli derejelerde uly ösüş gazanmak başartdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oňyn reformalar we giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler syýasaty BMG-niň yglan eden Müňýyllygyň ösüş maksatlary bilen doly gabat gelýär. Syýasy durnuklylyk, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri, milli Liderimiziň başlangyjy bilen üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar – bular döwlet ösüşiniň täsin we eýýäm öz netijeliligini subut eden nusgasyny durmuşa geçirýän Türkmen döwletiniň oňyn tejribesine artýan gyzyklanmany kesgitleýän şertlerdir.

Biziň ýurdumyzda senagat pudagy, obasenagat toplumy, söwda we hyzmatlar ulgamy, hususy telekeçilik batly depginler bilen ösýär, bu bolsa, täze iş orunlarynyň döredilmeginde, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň iýunynda Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazanan üstünlikleri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk edarasynyň ýörite sylagyna eýe boldy. Bu waka eziz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň we ägirt uly kuwwatynyň, şol sanda ykdysadyýetiň azyk önümleriniň önümçiligi ýaly pudagynda gazanýan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşynda ýokary netijeler gazanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň gözbaşynda boldy. Milli Liderimiz bu pudaga ençeme ýyl gözegçilik edip, saglygy goraýyş babatda döwlet syýasatynyň ylmy esaslaryny işläp düzdi. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin zerur bolan şertler döredilýär we bu ugurda anyk çäreler görülýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde döwrebap bejeriş-öňüni alyş merkezleri, şypahanalar, derman öndürýän kärhanalar we beýleki lukmançylyk desgalary guruldy we gurulýar.

Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň ýok edilmegi hakynda halkara sertifikatlar, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň bu ugurda toplan tejribesiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna girýän Ýewropa ýurtlaryna ýaýratmak üçin maslahat berilmegi, saglygy goramak boýunça wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň jedelsiz ykrar edilmegi boldy. Bu gurama bilen biziň ýurdumyzy hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesi baglanyşdyrýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek maksadynda hem düýpli işler geçirilýär. Diýarymyzda täze döwrebap çagalar baglarynyň we okatmagyň öňdebaryjy tilsimatlaryna eýe bolan mekdepleriň ýüzlerçesi açyldy. Hünärment mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriň sany ep-esli artdy. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerini okatmagyň on iki ýyllyk möhletine geçirmek amala aşyryldy.

Häzir, MÖM-iň hereket edýän möhletiniň tamamlanýan wagtynda dünýä bileleşiginiň öňünde gazanylan üstünlikleri we iş depginlerini ulanmak mümkinçiligi açylyp, ol öz öňünde biziň isleýän geljegimizi döretmek boýunça täze wezipeleri goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70- nji mejlisiniň garamagyna BMG-niň täze Maksatnamasynyň taslamasy hödürlener, onda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin global maksatlar we wezipeler kesgitlener. BMG-niň howandarlygynda bolan bu Maksatnamany taýýarlamagyň barşynda dünýä boýunça degişli geňeşmeler geçirilip, olara Türkmenistan hem gatnaşdy.

Bütindünýä forumyň belent münberinden Türkmenistanyň täze teklipleri beýan ediler. Olar syýasat, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, medeni-ynsanperwer ulgamy ýaly esasy ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňaltmak we giňeltmek bilen bagly bolar.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan çykyş etmek bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meselelerine çuňňur oýlanyşykly, sazlaşykly çemeleşýändigini görkezmek bilen, olary çözmegiň amatly ýollaryny işläp düzmek boýunça yzygiderli çäreleri görýär — “Nebit-gaz” gazeti belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň