Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Portugaliýadaky futbol duşuşygynda meýdana totuguş girdi

10:2506.04.2023
0
18883

Portugaliýanyň futbol çempionatynda «Eştoril» bilen «Eştrel» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda meýdana totuguş girdi. Ony meýdandan çykarmak üçin duşuşygy duruzmaly boldy.

Stadionyň hünärmenleri ýeňsiz bilen totuguşy meýdandan kowmak islediler. Ol biraz olary başagaý edenden soň uçup gitdi.

Totuguşuň meýdana golaýdaky öýleriň birinden gelendigi çaklanylýar. Adamlara öwrendikli guş meýdanlaryň hiç birinden gorkmady.

Duşuşyk «Eştreliň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň