Soňky habarlar

Arhiw

Gülbadam Babamyradowa “Taipei — 2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy

22:5227.07.2015
0
8581

Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa Taýwanda tamamlanan dzýu-do boýunça  “Taipei—2015”  atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Lebaply 23 ýaşly halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle ajaýyp üstünlik gazandy.

Ildeşimiz birinji tutluşygynda ýerli türgeni ýeňdi, soňra Slowakiýaly türgeniň garşysyna ýeňiş gazanmagy başardy. Finalda bolsa ol Koreýa Respublikasyndan Ýura Kimden üstün çykdy.

“Gülbadam Babamyradowa ýalkym saçýan sport ýyldyzy bolup durýar” diýip, Taýlandyň Phuket adasynda geçen ýyl geçirilen  IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda, belli neşir «Inside the games» ýazypdy.

Ildeşimiziň  “Taipei—2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda gazanan bu uly üstünligi, sportuň olimpiýa görnüşi bolan dzýudo boýunça gazanylanlygy üçin has hem gymmatlydyr. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl, Inçhonda geçen XVII tomusky Aziýa oýunlarynda G.Babamyradowa kümüş medaly gazanmak bilen, ýapon göreşiniň bu görnüşi boýunça türkmen sportuna ozalky gazanan üstünliklerini täzeden gaýtaryp getirdi. Çünki şu şanly wakadan öň türkmenistanly dzýudoçylar soňky sapar Koreýanyň Pusan şäherinde Aziýa oýunlarynda hormat münberine çykypdylar. Şonda erkekleriň arasynda 66 kilograma çenli  agram derejesinde Guwanç Nurmuhammedow  kümüş medala, zenanlaryň arasynda 78 kilograma çenli agram derejesinde Nasiba Surkiýewa bürünç medala mynasyp bolupdylar.

Aziýanyň açyk ýaryşynda Gülbadam Babamyradowanyň dzýudo boýunça gazanan altyn medaly ezber türgenimiziň 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek  XXXI  tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazanjakdygyna hem-de ol ýerde Türkmenistan  döwletimiziň sport abraýyny üstünlikli gorajakdygyna umyt döredýär. Gülbadamyň özi hem  öňünde hut şeýle wezipe goýupdyr. Ýakyn günlerde ol ýene-de bir jogapkärli ýaryşa—awgust aýynyň 24-30-y aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljek dzýudo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar.

Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ýaryşlar tamamlanan dessine Gülbadam Babamyradowa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge girişer. Sport bilermenleriniň pikirine görä, Gülbadamyň sambo we guşakly göreş boýunça bada-bat iki altyn medaly gazanmaga mümkinçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň