«Aýbölek» kärhanasy Aşgabatda geçirilýän ykdysady sergide öz önümlerini tanyşdyrýar

15:1104.04.2023
0
27642

Türkmenistanyň mebel senagatynyň meşhur haryt nyşany – «Aýbölek» kärhanasy 4 – 6-njy aprel aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde geçirilýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde ýene bir gezek öz önümlerini tanyşdyrýar.

«Aýbölek» Türkmenistanyň gazananlarynyň sergilerine yzygiderli gatnaşýar we öz diwarlygyna köp sanly myhmanlaryň yzygiderli ünsüni çekýär. «Aýbölek» haryt nyşanly önümler ýurduň ýaşaýjylarynyň öýlerini we ofislerini bezeýärler, şeýle hem kompaniýa Gazagystanyň we Özbegistanyň bilim edaralary üçin mebel öndürmek we ýerlemek bilen, eksporty işjeň ösdürýär.

Mundan başga-da, gurluşygy soňky tapgyra gadam basýan täze Arkadag şäherindäki jaýlar, mekdepler we çagalar baglary «Aýbölek» mebelleri bilen üpjün edildi.

«Aýbölek» kärhanasynyň dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Andalyp köç., 80. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 47 01 03 и (+993 12) 47 01 04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň