Soňky habarlar

Arhiw

Süleýman Muhadow Täjigistanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

10:0104.04.2023
0
36458

Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Täjigistanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Möwsümiň açylyş tapgyrynda onuň topary SSKA Gissar şäherinde ýerli «Eshatanyň» myhmany boldy.

Şäherdäki Merkezi stadionda geçirilen duşuşyk «Eshatanyň» täsin kambek arkaly ýeňşi bilen tamamlandy. SSKA birinji ýarymy Bahtiýor Çoriýewiň 22-nji, Hurşed Abdulloýewiň 25-nji minutlarda geçiren gollary bilen 2:0 hasabynda öňde tamamlan hem bolsa, ýer eýeleri ikinji ýarymda oýnuň gidişini doly öz ellerine aldylar.

Ilkinji goluny 66-njy minutda Bahtiýor Zaripowyň tapawutlanmagynda geçiren «Eshata» 85-nji minutda ýene şol futbolçy bilen hasaby deňledi. 90-njy minutda üçünji goluny hem geçiren Bahtiýor ýer eýelerine ýeňşi getirdi.

Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow oýna 62-nji minutda girdi. Ol meýdanda SSKA-nyň ikinji golunyň awtory Hurşed Abdulloýewiň ornuny tutdy.

Duşuşykda het-trik eden Bahtiýor Zaripow «Iň gowy oýunçy» diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň