Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyny gutladylar

16:3801.04.2023
0
45923

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

«Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belledi we köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň