Ýaponiýanyň zähmete ukyply ilaty 2020-2040-njy ýyllarda 20 göterim azalyp biler. Bu barada «Bloomberg» neşiri «Recruit Works Institute» ylmy-barlag guramasynyň hasabatyna salgylanyp habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
2040-njy ýylda ýurtda zähmete ukyply ýaşaýjylaryň 59,8 milliony bolar, işçi güýjüniň ýetmezçiligi bolsa, 11 milliondan agyp biler diýlip, hasabatda bellenýär. Görkezijiniň ilkinji güýçli pese gaçyşlygyna 2027-nji ýylda garaşylýar.
Işgärleriň ýiti ýetmezçiligi bilen gurluşyk we ulag pudaklary, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamy ýüzbe-ýüz bolar.
«Recruit Works Institute» guramasy özüniň bahalandyrmalarynyň bärden gaýdyp biljekdigini nygtaýar, sebäbi häzirki döwürde Ýaponiýanyň güýçli ykdysady ösüşinde işçi güýjüniň ýetmezçiligi has-da ýokary bolsa gerek.
Öň Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida ýurtda çaga dogumynyň pese gaçmagynyň sosal kynçylyklara eltip biljekdigini aýdypdy.
Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2012-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Ýaponiýada çaga dogumy 1 milliondan 799,7 müňe çenli azaldy.