Soňky habarlar

Arhiw

«Mahmal Ganat» kärhanasy syýahatçylygy we howa ýük daşamalaryny guramak hyzmatlaryny hödürleýär

09:3401.04.2023
0
49677

«Mahmal Ganat» hususy kärhanasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň çägine we daşary ýurtlara syýahatçylyk saparlaryny guramakda giň hyzmatlar toplumyny ýetirýär.

Kärhananyň hünärmenleri howa gatnaw peteklerini we myhmanhanalarda otaglary bronirlemek hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler, daşary ýurtlara toparlaýyn we aýratynlykda syýahatçylygy, şeýle-de syýahatçyny barmaly ýerine çenli ugratmak işlerini guraýarlar. «Mahmal Ganat» kärhanasynyň hünärmenleri daşary ýurt wizalaryny resmileşdirmek meseleleri boýunça hem maslahat berýärler.

Syýahatçylyk kärhanasynyň hyzmatlary örän gysga möhletde we ýokary hilde üpjün edilýär.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., A.Nyýazow köçesi, 174-nji jaý, 3-nji korpus, 1-nji girelge, 3-01-nji iş otagy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 20 20 35, (+993 65) 81 16 06, (+993 65) 02 12 01.

Elektron poçtasynyň salgysy: info@mg-tour.com

Şular bilen birlikde, «Mahmal Ganat» hususy kärhanasy telekeçilere we hususyýetçilere howa ulaglary arkaly dürli görnüşli ýükleri, ýagny adaty ýüklerden başlap, tiz möhleti geçýän we howply ýüklere çenli, daşamakda aýratyn idegi talap edýän gülleri hem-de ösümlikleri daşamagy guramak hyzmatlaryny ýetirýär.

2012-nji ýyldan bäri öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň agenti bolmak bilen, «Mahmal Ganat» kärhanasy «S7 Airlines», «Belavia», «Lufthansa», «Fly Dubai», «Turkish Airlines», «CargoLux» we beýleki meşhur kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabadyň Halkara howa menzili, ýük terminalynyň 2-nji gaty, 225-nji iş otagy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 55 77 79, (+993 12) 23 03 92, (+993 64) 14 30 71, (+993 65) 02 12 01.

Elektron poçtasynyň salgysy: info@mg-aircargo.com, ahmet@mg-aircargo.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň